gyýçak

gyýçak
Daşy düz däl, çüňk-çüňk, gyýyk.
∙ Darajyk gysby ýodanyň gyýçak daşlary düýeleriň ýasy dabanlarynyň astynda şakyrdaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
∙ Bir tarapyň gaýanyň gyýçak daşlary, ikinji tarapyň bolsa çuň jülgedi. (A. Gowşudow, Eserler)
∙ Ol öňünde keserip ýatan gyýçak daşyň üstünden zordan towsup geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Gyz çykarylan ýerden «ogurlap» gaýdan ala käsesi goltugynda döwlüpdir-de, şonuň bir gyýçagynyň ýyrtan ýeri bolup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem gyýçak - gyýçagy.
gyýçak gözseret göz
∙ Ol gyýçak gara gözlerini güldürip: --Biziňki adam owgandyr -- diýip, çalgyrt dil bilen jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»